lirikcinta.com
a b c d e f g h i j k l m n o p q r s t u v w x y z 0 1 2 3 4 5 6 7 8 9 #

asmana seredýän - asok lyrics

Loading...

[intro: ezze]
asmana seredip, ýyldyzlary synladym
gozlemmi’ ýumup, arzuwlarymy gizledim
gözüň aç! ýumma, gözüň aç!
(durmuş gysga!)

[verse 1: ezze]
köplenç ýigrenç doldurýa’ içim’ (içim’)
söýgi näme diýseň jogabyny bilmedim (ýok)
ajalam garaşýa’ diýip yzyňdan gelerin (haçan?)
zeminden äleme o gün golumy bererin
menem ýaşaýan’ ýene, her günüm
soňky ýaly ýashaýan’ ýene
pul, parahorlyk başyň aýlaýa ýegen
wyjdanyňa açyl (açyl), bileňak haçan,(haçan?)
üstünlige ýetjegiň
äleme galjagyň, ýokardan düşjegiň
bagtly boljagyň ýa durmuşdan gitjegiň
aýralyk görjegiň ýa taryha girjegiň
düşün! hiç kim bilenak ertiriň geljegin
asmana seredýän öýüm küýseýän ýaly
otyryn bärden synlap passylaň’ halyny
äkidýä’ menziller edip ýollarymy aýry
araçäk arasynda seslemmiz’ galdy

[chorus: a$ok]
aç ýene gözüň aç ýumman
göge bak ýyldyzlar ýanýa’ dynman
oýan wagt geçip gidýä’ durman
sen aç ýene gözüň aç ýumma
aç ýene gözüň aç ýumman
göge bak ýyldyzlar ýanýa dynman
oýan wagt geçip gidýä durman
sen aç ýene gözüň aç ýumma

[verse 2: narzes]
asmana seredýän’ öýümi küýseýän’ ýene
bu durmuş gapjadymy gaçjak gözleýäň’ ýeri
adamlar seresap ölüm güymeýa’, gelip
diwanda oturup ömürem geçýä’, gidip
asmana seredýän’ hemişe gamsyz
ýer ýüzünde ýok ýar, dost ynamsyz
hemme pul, puly topla otla ýansyn
bugün soňky günüň ýaly ýaşa ýaş (eý)
seret asmana ýok araçäk, durma
menem aç, arany açýan’ men durman
ýene näçe aýtmaly ýok muny duryzan
ýok ýer keseka, gözleri ýumman
bu çärjew şiwe, ýok utanamok
men bärden diýjek, hiç utulamok
men edýän’ işimi, hiç ukladanok
kän aýtjaklam’ entek gutaranok (eý)

[bridge: a$ok]
aç ýene gözüň aç ýumman
göge bak

[verse 3: a$ok]
asmana seredýän, ýöremeli ýolum kän
nirä gidýän belli däl, uzaklara elyeterli dal men
pikirlerem kellede
arzuwlaryma tarap öne gidyän ýene*de
bu durmuş girdap ýaly çekýä meni içine
ýalanlar kän, ynanyp bilemok hiçkime
adamam kän daşym, ýeke ýöne içemde
umydym eliň tutmak bu dünýäden göçemde
bilýän günäli, ölmedim häli
ruhum gözleýä bedenime däri
bolýan däli, hondonam bäri
diňle, nädip etmeli, bu hünari
barym*ýogum berjek, ynandym ýoluma
ýadaw yöne geçjek, ynandym ýoluma
ýalan ýa*da gerçek bu dünýänin soňuna
geldik öza, aç gözüňi ýumma hiç (ýumma hiç)

[bridge: a$ok]
aç ýene gözüň aç ýumman
göge bak

[chorus: a$ok]
aç ýene gözüň aç ýumman
göge bak ýyldyzlar ýanýa’ dynman
oýan wagt geçip gidýä’ durman
sen aç ýene gözüň aç ýumma
aç ýene gözüň aç ýumman
göge bak ýyldyzlar ýanýa dynman
oýan wagt geçip gidýä durman
sen aç ýene gözüň aç ýumma

Random Song Lyrics :

Popular

Loading...